Döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi

1 Oktýabr 2024
483

Ýaňy-ýakynda, has takygy, 28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň — ýazyjy-şahyrlarynyň, žurnalistleriniň, halk teatrlarynyň artistleriniň, režissýorlarynyň, muzeý işgärleriniň arasynda yglan edilen birnäçe döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi we bu bäsleşikde ýeňiji bolanlara baýraklar gowşuryldy. Baýraklary gowşurmak dabarasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, gazet-žurnallaryň redaksiýalary tarapyndan geçirildi. Ilki bilen «Türkmen dünýäsi» gazetiniň redaksiýasy bilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň yglan eden «Dünýä akyldary — türkmen danasy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasyna badalga berildi. «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory Batyr Myradow hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Köpçülikleýin we şahsy agzalar bilen işleşmek boýunça bölüminiň baş hünärmeni Hezretguly Borjakow dagy bäsleşige işjeň gatnaşandyklary üçin, ýeňiji diýlip yglan edilen döredijilik işgärlerine aýratyn hoşallygyny bildirdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli metbugatda şeýle gerimli döredijilik bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegine döredilip berilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza göwün hoşallygyny beýan etdiler. Soňra ýeňijileriň atlary yglan edildi. Şeýlelikde, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyby Aýnur Myradowa, «Maru-Şahu-Jahan» welaýat gazetiniň uly habarçysy Aýparça Akymowa, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Nartäç Ýusupdurdyýewa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby, owganystanly türkmen Nazary Bidel Wahid Nazar, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Zyýada Ýusupowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Döwletgeldi Ataýew, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kerimberdi Mämiýew, Murgap etrabyndaky 7-nji çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Merdan Sähedow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Aýgül Ýagşyýewa, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory Çemen Annaberdiýewa, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň şahsy agzasy, Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýan türkmenleriň birleşiginiň ýolbaşçysy Hojamyrat Atamyrat, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy Jemile Pürjäýewa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Käbe Taganowa, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri Meretgylyç Ýagmyrow, Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Pirmuhammet Ýalmanow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Rejepgeldi Allamyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Nurnabat Gurbangulyýewa dagy bu döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri hökmünde yglan edilip, olara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

*******

Dursun TEKÄÝEWA,
«Dünýä edebiýaty»