«Bar­se­lo­na» ge­çen möw­sü­miň ary­ny al­dy

2 sagat öň
2

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «La Li­ga­da» «Bar­se­lo­na» 5-nji tap­gyr­da «Ži­ro­na» bi­len myh­man­çy­lyk­da du­şuş­dy. «Bar­se­lo­na­nyň» do­ly ar­tyk­maç­ly­gyn­da ge­çen ka­ta­lon der­bi­sin­de myh­man­lar 4–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. «Bar­se­lo­na» ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ryň 2-si­ni 7 mi­nut­da La­min Ýa­mal, beý­le­ki­le­ri-de Da­bi Ol­mo bi­len Ped­ri ge­çir­di. Şun­luk­da, «Bar­se­lo­na» ge­çen möw­süm­de 2 ýer­de-de 4-2 ha­sa­byn­da utu­lan gar­şy­da­şy­ny bu ge­zek 4-1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, şol ýeň­liş­le­riň ary­ny al­dy. «Bar­se­lo­na» 2017-nji ýyl­dan soň il­kin­ji ge­zek möw­sü­me 5 ýe­ňiş bi­len baş­la­dy. Han­si Flik klu­buň ta­ry­hyn­da 5 ýe­ňiş bi­len 6-njy tä­lim­çi hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy (Ter­ri We­neýbls, Lui Wan Ga­al, Ti­ta Wil­la­no­wa, He­rar­do Mar­ti­no, Er­nes­te Wal­wer­de). Soň­ky çem­pi­on «Re­al Mad­rid» myh­man­çy­lyk­da «Re­al So­sie­da­dy» ýyl­dyz oýun­çy­la­ry­nyň – Wi­ni­si­us Ju­ni­or hem-de Ki­li­an Mbap­pe­niň pe­nal­ti­den ge­çi­ren gol­la­ry esa­syn­da 2-0 ýeň­di. Mad­ri­diň beý­le­ki to­pa­ry «At­le­ti­ko» öz meý­dan­ça­syn­da «Wa­len­si­ýa­dan» 3-0 üs­tün çy­kyp, gol­la­ryň 2-si­ni tä­ze trans­fer­ler Gal­la­her bi­len Al­wa­res (iki­si-de «At­le­ti­ko­da­ky» il­kin­ji gol­la­ry­ny ge­çir­di) hem-de to­pa­ryň ýyl­dy­zy Griz­mann der­we­zä gi­riz­di.

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da soň­ky çem­pi­on «In­ter» myh­man­çy­lyk­da «Mon­za» bi­len 1-1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­nap, 2-nji ge­zek utuk ýit­gi­si­ne se­ze­war bol­dy. «We­ne­si­ýa­ny» 4–0 ha­sa­byn­da utan «Mi­lan» möw­süm­dä­ki il­kin­ji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Lu­ka­ku­nyň 1 gol ge­çi­rip, 2 go­luň pa­sy­ny be­ren oý­nun­da «Na­po­li» myh­man­çy­lyk­da «Ka­lia­ri­niň» der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 4 pök­gi gi­riz­di. «Em­po­li» bi­len utuk­la­ry paý­la­şan «Ýu­wen­tus» bas­syr 2-nji ge­zek gol­suz deň­me-deň oý­na­dy. Myh­man­çy­lyk­da «Je­noa» bi­len du­şu­şan «Ro­ma» tä­ze trans­fer Dow­by­gyň go­ly esa­syn­da öňe geç­se-de, 90+6-njy mi­nut­da De Win­te­riň go­lu­na çä­re ta­pyp bil­me­di. «Par­ma» – «Udi­ne­ze» du­şu­şy­gyn­da ýer eýe­le­ri 1-nji ýa­rym­da Del Pra­to hem-de Bon­ni­niň gol­la­ry bi­len 2-0 öňe saý­lan­dy. Ýö­ne 2-nji ýa­rym­da Luk­ka we To­we­niň (2) gol­la­ry esa­syn­da ýe­ňiş ga­za­nan «Udi­ne­ze» 10 utuk bi­len sa­na­wyň 1-nji bas­gan­ça­gyn­da bar­ýar.