Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy

3 sagat öň
7

Tylla güýzüň ilkinji aýynda biz şanly baýramy — Garaşsyzlyk baýramyny belläp geçýäris. Bu baýram biz üçin iň arzyly baýramlaryň biri, çünki bu pederlerimiziň göwün küýsegine, köňül arzuwyna öwrülen arzuwyň amala aşan, arzylanyp ýetilen Garaşsyzlygymyzyň şanyna tutulýan baýram. Hut şonuň üçin-de her ýyl bu baýramy ähli ildeşlerimiz uly dabara bilen belläp geçýärler. Şu ýyl biz Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyny belläp geçýäris. Taryh üçin gaty bir uzak döwür bolmadyk 33 ýylyň içinde biz Garaşsyzlygyň miwelerini ýurdumyzyň ähli ugurlarynda aýdyň görüp gelýäris.

Garaşsyzlyk — bu söz örän köp zady öz içine alýar. Garaşsyzlygymyz halkymyzyň häzirki hem geljekki nesilleriniň bagtly ykballarynyň, ýagty ertirleriniň gözbaşydyr. Dünýä halklaryna özüniň dost-doganlyk goluny uzadýan türkmen halkynyň geljegi aýdyň maksatlardan doly. Bu günki gün asly halal, rysgal-bereketli, sahawatly toprakly, Garaşsyz döwletli türkmen halky asuda asmanyň astynda, owadan Diýarda özüni juda bagtly, erkana duýýar. Döwletli döwrana eýe bolan halk özüniň beýik Garaşsyzlygynyň miwelerini, eşretini görüp, oňa guwanyp ýaşaýar.

Aýperi ATAHALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň esasy hünärmeni.