Halkara forumyň jemlerine bagyşlandy

10 sagat öň
13

16-njy sentýabrda Daşary işler ministrliginde maýa goýum forumynyň hem-de Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk desgalaryny işe girizmek, düýbüni tutmak dabaralarynyň netijeleri boýunça brifing görnüşli halkara amaly-maslahat geçirildi. Oňa ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda hem-de döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly ak pata bermegi bilen, Türkmenistanyň we Owganystanyň serhedinde energetika, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa desgalary işe girizildi. Munuň özi bilelikdäki giň möçberli taslamalaryň, hususan-da, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ugurlaryndaky taslamalaryň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

«Watan».