Güller — kalbyň mukamy

1 gün öň
12

Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde gülleri ösdürip ýetişdirýän gyz-gelinleriň arasynda «Güller — gözelligiň, parahatçylygyň aýdymy» ady bilen hünär bäsleşigi we täsin gülleriň sergisi geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, şeýle-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşik we sergi özüniň ýokary ruhubelentligi bilen tapawutlandy. Ýakymly ysy, gözel görnüşi bilen ähli ýaşdaky adamlary özüne bendi edýän älemgoşar reňkli gülleriň sergisi bu ýere gelenlerde ýakymly duýgulary döretdi. Dabaranyň dowamynda ajaýyp güller dogrusynda täsin çykyşlar guraldy.

Dünýäde 300 müňden gowrak görnüşi gabat gelýän güller dermanlyk we bezeg ähmiýetli ulanylýar. Iň owadan güllerden boglan çemeniň sowgat edilmegi ähli döwletlerde hem sylag-hormatyň, söýginiň nyşany hasaplanypdyr. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, durmuşyň gözelligi bolan anbar ysly bägüllere seredeniňde, kalbyňda döredijilige bolan söýgiň artýar. Aýtmaklaryna görä, owadan güller döredijiligiň hem ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Şweýsariýaly we fransiýaly alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, ilkinji gülleriň döreýşi, ýagny dinozawrlaryň Ýeriň ýüzünde ýaşaýan döwürlerine gabat gelipdir.

Bägül BEGENJOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.