Dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi edebiýaty öwrenijileri barha özüne çekýär. XVIII asyryň beýik akyldary, döwrüniň we özünden öňki şahyrlaryň, akyldarlaryň döredijiligini, dilini, pikir ýöretmelerini içgin öwrenen hem şygryýetde oý-pikirlerini täzeçillik bilen şöhlelendirmegi başaran söz ussadynyň şygyrlary halkara derejede nusgawy eserler hökmünde ykrar edilýär. Munuň şeýledigi 17-nji maýda Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen medeniýet ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatda, 18-nji maýda bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçirilen halkara ylmy maslahatda edilen çykyşlarda-da öz beýanyny tapypdy. Biz hem şunuň bilen baglylykda internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, magtymgulyşynas, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant Döwlet uniwersitetiniň Türkologiýa ylmy-barlag institutynyň türki dilleriň oguz topary boýunça alym-dosenti Emrah Ýilmaz bilen söhbetdeş bolduk.
— Emrah, bilşimize görä, indi esli ýyldan bäri ykbalyňyzy Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligine bagyşlaýarsyňyz! Sizi akyldaryň döredijiligine imrindiren zat näme? Belki-de, sowaly şeýleräk bersek has dogry bolar: Magtymguly siziň üçin, has dogrusy, dünýä okyjylary üçin kim?