2024-nji ýylyň jemleri boýunça Russiýa Federasiýasy bilen Ermenistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygynyň 14 — 16 milliard amerikan dollary aralygynda bolmagyna garaşylýar. Munuň özi 2020-nji ýyldakydan 6, geçen ýyldakydan bolsa 2 esse töweregi köpdür.
2023-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyň möçberi 55,8 göterim artyp, 7,4 milliard amerikan dollaryna deň bolupdy. 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda bolsa bu görkeziji eýýäm 8,4 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Şonuň üçin hem, bilermenler ýylyň jemi boýunça rus-ermeni söwda dolanyşygynyň 14 milliard amerikan dollaryndan az bolmajakdygyny çaklaýarlar.