Hytaýyň Nankin şäherinde «Szýansu — Merkezi Aziýa» söwda merkezi açyldy. Bu söwda merkezi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kompaniýalary üçin köp ugurly platforma bolup hyzmat eder.
Merkeziň açylyş dabarasyna gelen myhmanlar Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň kompaniýalarynyň eksport önümlerini özünde jemleýän sergi pawilýony bilen tanyşdyryldy.