Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna
Garaşsyzlygymyzyň şuglasynyň türkmen halkyna nur saçan gününden bäri geçen her ýyl, aý, gün däl, eýsem, her bir sagat taryha zer harplar bilen ýazylýar. Ine, bu gün gadymy hem nowjuwan türkmen topragy ýene-de toý lybasyny geýdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralar kalplara joşgun hem ganat berýär.