Sogap işleriň sakasy

27 Awgust 2024
529

Halkyň gündelik durmuş adatynda onuň ýaşaýyş filosofiýasy, ileri tutýan ruhy gymmatlyklary aýdyň şöhlelenýär. Bir adama alkyş aýtjak bolsalar, dokuzy düzüwlik dileýändirler. Könekiler muny adam üçin howa ýaly zerur bolan dokuz hajat bilen baglanyşdyryp, onuň ilkinjisini hem saglyk hasaplapdyrlar.

Saglyk «salam» sözüniň hem özeninde durýar. Saglyk — Ýaradanyň adama eçilýän iň uly baýlygy, Zemin gymmatlyklarynyň seresi. Ony adamlar topragyň gursagyny ýaryp çykan melhemli çeşmelerden, goja daglaryň gözýaşy hasaplanýan mumyýadan, müň bir keseliň emi dermanlyk otlardan gözleýärler.

Gülälek ORAZOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň lukmany.