Kitaphana — hazynaly ojak

20 Awgust 2024
108

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli ugurlarda belent derejelere ýetýär. Bu gün kitaphana işinde hem döwrebap ösüşler gazanylýar. Kitaphana işini ösdürmek babatynda edilýän tagallalar netijesinde elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýady pugtalanyp, kitaplaryň sany yzygiderli artýar, sanly kitaphana hyzmatlarynyň gerimi giňeýär.

Häzirki wagtda Tejen etrabynyň Altyn asyr şäher merkezi kitaphanasynda-da döwrebap işler alnyp barylýar. Bäş müň okyjysy bolan şäher merkezi kitaphanamyza täze ýazylýanlaryň sany barha artýar. Tomsuň häzirki günlerinde kitaphananyň okalga zaly köp adamly bolýar. Ýaş okyjylarymyz bu ýerde yzygiderli bolup, dürli mazmunly kitaplary okamaga alýarlar.

Ejegül KÖRPÄÝEWA,
Tejen etrabynyň Altyn asyr şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.