Bilim ulgamynda

18 Awgust 2024
361

Täze okuw ýylyna taýýarlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň ylmy-usuly binýady barha berkidilýär. Şeýle başlangyçlaryň hatarynda täze okuw ýylynyň öň ýanynda geçirilýän mugallymlaryň awgust usuly-amaly okuwlary aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Häzirki wagtda döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri-de bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bolup durýar. Watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek wezipesini abraý bilen çözmekde bilim işgärleriniň iňňän jogapkärli, halal we döredijilikli zähmetine esasy orun degişlidir.