Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy. Hormatly Arkadagymyz bu ýerde ýaş türgenler üçin döredilen şertler, merkeziň ygtyýarynda bar bolan sport ulaglarynyň görnüşleri we olaryň tehniki aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Awtomobil sporty boýunça baý tejribe toplan türkmen halkynyň Milli Lideri merkeziň badalga nokadyna çykdy. Sport ulaglarynyň birini dolandyryp, onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ulagy sürmäge başlamazdan ozal, zerur bolan tehniki taýýarlyk işlerini ýerine ýetirmek, şunda ýoluň we howanyň derejesini kesgitlemek, ulagyň tehniki aýratynlyklaryny nazara almak awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenlere bildirilýän esasy talaplaryň biri bolup durýar. Soňra awtoulag Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň dolandyrmagynda dessine tizligini artdyryp, çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini ýerine ýetirdi.