Täze üstünliklere tarap

14 Awgust 2024
112

Eziz Watanymyzda giň gerimde amala aşyrylýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri-de, harby bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, çuňňur bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer Watan goragçylaryny terbiýeläp ýetişdirmekdir. Şu maksatdan ugur alyp, ýaňy-ýakynda maýor Muhammet Şalykowyň serkerdelik edýän harby bölüminde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ikinji okuw möwsümi mynasybetli dabara guraldy.

Dabaranyň dowamynda nyzam tilsimleri boýunça görkezme çykyşlaryna hem-de edebi-sazly kompozisiýa aýtatyn orun berilmegi has-da täsirli boldy. Harby bölümde bu okuw möwsüminde täze ugurlaryň birnäçesi göz öňünde tutulyp, harby gullukçylara döwrebap bilim bermek, Watan goragyna kämil nesilleri taýýarlamak, olaryň zehin başarnyklaryny, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, beden we söweşjeň taýýarlyklaryny ýokarlandyrmak hem-de hakyky ýurt goragçysynyň şahsyýetini kemala getirmek babatda zerur işleri geçirmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Çäräniň ahyrynda okuw möwsüminde harby gullukçylara döwrebap harby tehnikalara we enjamlara erk etmek başarnygyny birkemsiz ele almaklary, harby ylmyň we harby sungatyň tejribesini yzygiderli özleşdirmekleri, söweşjeň we gumanitar taýýarlykda ýokary netijeleri gazanmaklary, ata-babalarymyzyň mertlik, edermenlik we watansöýüjilik ýaly belent häsiýetlerini hemişe hemra edinmekleri arzuw edildi.

Atageldi ÖWEZOW,
kapitan.