Türkmen ruhunyň synmaz sütüni

14 Awgust 2024
122

Ýakynda podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň kapitan Tahyr Berdimyradowyň serkerdelik edýän diwizionynyň şahsy düzüminiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitaba bagyşlanyp dabara geçirildi. Bu çärede TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Oýdin Aşirowa, etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Döndi Ýusupowa, uly leýtenant Ýusup Babaýew, çagyryş boýunça harby gullukçy Osman Ýegenseýidow dagynyň çykyşlary has täsirli bolup, bu kitabyň möhüm ähmiýetini, olarda akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, nesil terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, watançylyk, milli döwletlilik babatda pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny wasp edýän şygyrlarynyň ýerleşdirilendigi barada belläp geçdiler. Dabara harby bölümiň çeper höwesjeňleriniň çykyşlary bilen utgaşdy.

Baky ýörelge

Bahar AŞYROWA,
uly leýtenant.