Woleýbol ýaryşy geçirildi

12 Awgust 2024
153

Bäherden etrabynyň sport mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýaş türgenleriň arasynda “Dana Pyragynyň öwütleri nesilleri sagdyn durmuşa, watansöýüjilige we agzybirlige çagyryşdyr” ady bilen woleýbol boýunça sport mekdebiniň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan ýaryşa 2011—2012-nji ýyllarda doglan ýaşlar gatnaşyp, öz aralarynda güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşda birinji orny tälimçi Yslamberdi Toýlyýewiň şägirtleri — “Galkynyş” topary eýeledi. Tälimçi Meretmuhammet Ýagşymyradowyň talim berýän “Ýançeşme” topary ikinji, Söýenç Gulgeldiýewiň şägirtleri bolan “Arkaç” toparynyň oýunçylary üçünji orny eýelemegi başardy. Ýeňiji bolan toparlara Bäherden etrabynyň sport mekdebiniň hormat hatlary we TMÝG-niň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,
TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.