Giriş synaglary dowam edýär

7 Awgust 2024
209

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmegi, ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagy we ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň nurana geljegini ylymly-bilimli ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle özgertmelerden, özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan bagtyýar ýaşlar bilim almaga, ylym bilen içgin meşgullanmaga uly höwes bildirýärler.

Şu günler talyp bolmaga höwesli ýaşlaryň durmuşynda tolgundyryjy pursatlar — giriş synaglary dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary guramaçylykly ýagdaýda geçirilýär. Welaýatymyzdaky Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde tamamlanan giriş synaglarynyň netijesinde, bagtyýar ýaşlaryň ençemesi talyp bolmak bagtyna eýe boldular. Häzirki wagtda Türkmen oba hojalyk institutynda okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary dowam edýär.

Ýörite habarçymyz.