Baldan süýji bala

6 Awgust 2024
145

Jemgyýet maşgaladan gözbaş alýar. Perzent bolsa maşgalanyň berkligini kepillendirýär. Çünki perzent adamzadyň ertiridir, şu gün bilen geljegiň arasyndaky köprüdir. Her bir ýaş çatynja durmuş guran gününden perzendiň arzuwynda bolýar. Ene üçin perzent söýmekden özge bagt ýok. Çaga dünýä inenden soň, ene üçin aýratyn aladalar başlanýar. Körpäniň sagdyn ösüp-ulalmagy bolsa, enäniň baş aladasy bolup durýar.

Her gününi sanap ösýän çaganyň bedeninde ilkinji aýlarda täze öýjükler emele gelýär, şolaryň ösüşini üpjün etmek öňi bile enä bagly. Sebäbi çaganyň sagdyn ösüp ulalmagynda ene süýdi wajyp ähmiýete eýe bolýar. Ene süýdüni hiç bir zat bilen çalşyp bolmaz. Dogry, dükanlardan körpeler üçin hut ene süýdüniň ornuny tutjak ençeme garyndylary satyn alyp bolar. Ýöne şonda-da olar ene süýdüniň ornuny tutup bilmez. Sebäbi olar bedeni gerekli witaminlerdir mineral maddalar bilen üpjün etseler-de, ony ýokanç kesellerden gorap bilenoklar. Çagany dürli kesellerden goraýan serişde diňe enäniň süýdünde saklanýar.

Gülşat NIÝAZMÄMMEDOWA,
Gökdepe şäherindäki «Ene mähri» merkeziniň lukmany.