10-njy ge­zek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­na­şan il­kin­ji ze­nan türgen

2 Awgust 2024
154

Pa­riž 2024-iň çä­gin­de ny­şa­na ok at­mak bo­ýun­ça 10 metr tü­peň gör­nü­şin­de bäs­le­şen gru­zi­ýa­ly Ni­no Sa­luk­wad­ze ta­ry­hy re­kord goý­dy. 55 ýa­şyn­da­ky tür­gen 10-njy ge­zek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­na­şan il­kin­ji ze­nan, umu­my­lyk­da 2-nji tür­gen bol­dy. On­dan öň ka­na­da­ly at­çy­lyk spor­tu­nyň we­ki­li Iýn Mil­lar 1972-2012-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da je­mi 10 ge­zek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­na­şyp­dy (1980-nji ýyl­da­ka gat­naş­man­dy). Sa­luk­wad­ze bu ge­zek­ki ýa­ryş­da 38-nji or­ny eýe­le­di. Ol il­kin­ji Olim­pia­da­syn­da, ýag­ny 1988-nji ýyl­da SSSR-iň adyn­dan we­kil­çi­lik edip­di we 25 metr tü­peň ýa­ry­şyn­da al­tyn, 10 metr tü­peň bäs­le­şigin­de bol­sa kü­müş me­dal ga­za­nyp­dy. Ol bu me­dal­lar­dan 20 ýyl soň Pe­kin­de 10 metr tü­peň bäs­le­şi­gin­de bü­rünç me­da­la my­na­syp bo­lup­dy. Sa­luk­wad­ze 36 ýyl­lyk dö­wür­de 3 dür­li to­par bi­len çy­kyş et­di. Il­ki SSSR-iň adyn­dan we­kil­çi­lik eden Sa­luk­wad­ze, 1992-nji ýyl­da Bir­le­şen to­par bi­len Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­na­şyp­dy. 1996-njy ýyl­dan bä­ri bol­sa ol Gru­zi­ýa­nyň adyn­dan çy­kyş edip gel­ýär.

Sa­luk­wad­ze Pa­riž 2024-de 25 metr tü­peň ýa­ry­şy­na-da gat­na­şar.