Ekologiýa howpsuzlygy — derwaýys mesele

1 Awgust 2024
851

Darganata etrap häkimliginde hukuk goraýjy işgärleriň gatnaşmaklarynda ekologiýa meselelerine bagyşlanyp wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň möçberli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada täsirli gürrüň gozgaldy. Bu meseleleriň oňyn çözgütleriniň durmuşa ornaşdyrylmagynda her kimiň jogapkärçiliginiň ýokarydygy nygtaldy. Çärä gatnaşan etrabyň edara-guramalarynyň we kärhanalarynyň işgärlerine ýurdumyzyň halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýän kanunçylyk namalaryna laýyklykda hem-de BMG-niň «Biologik dürlülik hakyndaky» Konwensiýasyna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip gelýändigi barada düşünjeler berildi.

Öwezdurdy ATAÝEW,
Darganata etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy.