Parahatçylygyň we ynanyşmagyň dabaralanmagy

31 Iýul 2024
205

Ýurdumyzyň dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen alyp barýan oňyn hyzmatdaşlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze derejelere göterilýär. Daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň pugtalanmagyna gönükdirilen işleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Parasatly syýasaty parahatçylyk arkaly durnukly ösüşi gazanmaklyga esaslanýan hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklipleriniň halkara jemgyýetçilikde giň goldawa eýe bolmagy ýurdumyzyň abraý-mertebesini beýgeldýär. Şu ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýene bir möhüm ädimdir. Şeýle-de döwletimiz tarapyndan ählumumy parahatçylygy gazanmak, ynanyşmagy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatynda edilýän tagallalaryň dünýäde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.  

Parahatçylyk we ynanyşmak häzirki döwürde oňyn hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly şertidir. Ýeri gelende belläp geçsek, türkmen halkynyň parahatçylyk, agzybirlik, dost-doganlyk baradaky taglymatlary bäş müň ýyllyk taryhymyzdan gözbaş alýar. Halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgeleriniň düýp özeninde onuň türkmençilige mahsus ynsanperwerlik, göwnaçyklyk, geçirimlilik, ähli halklar bilen ylalaşykly ýaşamak, her bir meseläni paýhasly çözmäge çemeleşmek ýaly asylly häsiýetleri jemlenýär.

Nurbibi HOJAGURBANOWA,
Balkanabat şäherindäki 47-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, TMÝG-niň işjeň agzasy.