“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”

29 Iýul 2024
568

Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy - öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, adamlaryň ruhy dünýäsinde we durmuşynda ýagşylygyň ugrukdyryjysy hökmünde olaryň aňyna baky yşyk bolup ornaşdy. Bagtyýar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde şatlykly hem-de bolelin durmuşda ýaşaýan agzybir we zähmetsöýer halkymyz Garaşsyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän 2024-nji ýylymyz hem buýsanç, şatlyk we ruhubelentlik duýgularyna beslenýär.

Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty milli gymmatlyklarymyza, geçmişde yz galdyran ägirtlerimize sarpany ömrümiziň, durmuşymyzyň manysyna öwürdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly bize şu günümize hem-de geljegimize ýalkym saçjak işleri amal etmegiň täze sepgitleriniň badalgasy bolup hyzmat eder. Akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşdyrylan ýylymyzda ähli ugurlarda joş alýan döredijilikli zähmet Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýar. Çünki, Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş türki dilli halklaryň hem edebiýatynyň taryhynda ähmiýeti has ýokary bolup, adamzat bilimleriniň hazynasyna möhüm goşant goşup, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şahyryň goşularynda öňe sürlen ynsanperwerlik, watansoýüjilik, agzybirlik we jebislik pikirleriniň üç asyrdan bäri dünýäniň aglaba ýurtlarynyň şahyrlary we alymlary üçin nusgalyk ýörelge bolup hyzmat edip gelýär.

Laçyn HAÝDAROWA,
Dänew etrabynyň 22-nji “Erteki” çagalar bakja-bagynyň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.