Şöhratly şäheriň waspy (Ruhy şamçyrag)

26 Iýul 2024
641

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýan gymmatlykdyr» diýip belleýär. Hakykatdanam, kitap ynsana ruhy taýdan goldaw berýär, sagdyn pikirlenmegi, giň dünýägaraýyşly bolmagy ündeýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserlerini okanymyzda bu hakykata ýene bir ýola göz ýetirýäris.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny peşgeş bermegi baý mirasymyzy, bahasyna ýetip bolmajak medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda uly goşant boldy. Kitabyň girişinde türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasy, bu ugurda kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişi, abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň gözýetimleri barada maglumatlar berilýär. Kitabyň dürdäne sahypalarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen hyzmatdaşlygyň giň gerimli tejribesine, bu ugurda gazanylan üstünliklere aýratyn üns çekilýär. Eserde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine hem uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýöne bir duýga ýugrulan goşgular däldir, olar beýik akyl-paýhas taglymatydyr, ylym-bilim sapagydyr, danalaryň öz nesillerine öwüt-nesihatydyr» diýip, buýsanç bilen belläp geçýär.

Mežnun ÖRÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, leýtenant.