Daş­kent­de Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ser­gi­si ge­çi­ril­di

25 Iýul 2024
684

15-16-njy iýul­da Daş­kent şä­he­rin­de «Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len» at­ly ýur­du­my­zyň ha­ryt­la­ry­nyň mil­li ser­gi­si­niň we işe­wür­lik ugur­ly beý­le­ki çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­gi 2023-2024-nji ýyl­lar üçin Türk­me­nis­tan bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­di.

15-nji iýul­da Öz­be­gis­ta­nyň paý­tag­tyn­da ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­li önüm­le­riň ser­gi­si, Türk­men-öz­bek işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Sa­pa­ryň ikin­ji gü­nün­de bu çä­re­ler Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-öz­bek hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň 18-nji mej­li­si bi­len do­wam edip, on­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki ýag­da­ýy, ony ös­dür­me­giň gel­jek­ki ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.