Rowaýatlar — pelsepeler ummany

24 Iýul 2024
174

Gadymy türkmen topragy ýüzlerçe alymlaryň mekany, esasan, orta asyrlarda ylmyň iň bir ösen ýeri bolupdyr. Muňa taryhy maglumatlar bilen birlikde, beýik akyldarlaryň ýazan ylmy işleri, şygyrlary şaýatlyk edýär. Bu gadymy mekanda ýaşap geçen beýik alym, öz döwründe halka ýolgörkeziji, uly sopularyň biri hem Abu Seýit Abul Haýrdyr. Türkmenlerde ol Mäne baba ady bilen bellidir.

Mäne baba — türkmen hem-de Gündogar edebiýatynyň X-XI asyrlarynyň öçmejek şahsyýetidir. Mäne baba, esasan, edebiýatda rubagydyr kytga žanrlarynda şygyr döredipdir. Şeýle-de ol hakynda halk arasyndaky birnäçe rowaýatlarda, hekaýatlarda köp gabat gelmek bolýar. Sebäbi Mäne baba hakyndaky rowaýatlaryň durmuş öwrümlerinden dogry netije çykarmakda ähmiýeti uludyr. Halk arasyndaky köp tymsallaryň, rowaýatlaryň aglabasy orta asyrlarda ýaşap geçen şahsyýetler baradadyr. Çünki şol döwürde ömür paýhasy her bir ynsanyň başyndan geçirip biläýjek duýgusynyň, has takygy, adamyň özüniň üsti bilen düşündirilipdir. Şeýlelikde, sopuçylyk pähimleri özümizi tanamak hem-de durmuşdan dogry netije çykarmak üçin geçmişden şu güne çenli halk arasyndaky rowaýatlarda saklanyp galypdyr.

Rejepgeldi ALLAMYRADOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».