Guramaçylyk işleri alnyp barylýar

21 Iýul 2024
403

Ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin döwletimizde ähli şertler döredilýär. Her ýylda täze, döwrebap çagalar baglarynyň, ak mekdepleriň sany artýar. Olar ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmegi, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmagy, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda täze, ýagny 2024 — 2025-nji okuw ýylyna guramaçylykly we ýokary derejede taýýarlyk görmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Şu günler orta mekdeplerde zähmet çekýän mugallymlardyr beýleki işgärler üçin jogapkärli möwsümdir. Mekdebimizde hem täze okuw ýylyny ýokary guramaçylykly garşylamak boýunça abatlaýyş we guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Okuwçylaryň arassa, ak mekdeplerde bilim-terbiýe almagy üçin mugallymlarymyz taýýarlyk işlerini geçirýärler. Mekdebimiziň okuw, kompýuter otaglarynda, barlaghanasynda, naharhanasynda, dälizlerinde, sport zallarynda we meýdançalarynda, kitaphanasynda arassaçylyk işler alnyp barylýar. Ýagty, arassa okuw otaglarynda görkezme esbaplary hökmünde hyzmat edip biljek birnäçe täze diwarlyklaryň bolmagy üçin uly işler edilýär. Okuwçylaryň daşary ýurt dillerini göwnejaý öwrenmekleri üçin ýörite enjamlar bilen üpjün edilen otaglardaky kompýuterler gözegçilikden geçirilýär. Käbir sapaklarda tejribe geçirmek üçin döwrebap enjamlary bolan ýörite tejribe otaglarymyzyň tehniki serişdeler bilen üpjünçiligini doly gözden geçirmek işleri ýola goýuldy. Okuw maksatly kompýuterleriň programma üpjünçiligine aýratyn üns berilýär.

Annamyrat NAZAROW,
Aşgabat şäherindäki 128-nji orta mekdebiň müdiri.