Durmuş rowaçlygy

15 Iýul 2024
212

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy babatda kabul edilen çözgütler ildeşlerimiziň ruhuny göterip, hoşallyk duýgularyny döretdi.

Geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň birinji ýarymynda edilen işlere, gazanylan üstünliklere mynasyp baha berlip, öňde durýan işler kesgitlenildi. Berlen hasabatlar hem durmuş ugurly özgertmeleriň barha rowaçlanýandygyny görkezdi. Şonuň bilen bir hatarda mejlisde il-halkymyzy begendiren hoş habarlaryň aýdylmagy ruhumyzy göterip, durmuşa, ýaşaýşa söýgimizi has-da artdyrdy. Şeýle habarlaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekendigini, edermen daýhanlarymyzyň galla tabşyrmakda şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky habary eşitmegiň özi, gör, nähili ýakymly. Gazanylan zähmet ýeňşi mynasybetli Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alyp, saglygyny dikeldýän çagalara, şeýle hem Gökderede dynç alýan Döwletliler köşgüniň çagalaryna hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite iberilen sowgatlaryň gowşurylýan pursatlaryna mawy ekran arkaly tomaşa edenimizde begenjimiziň çägi bolmady.

Ogulnur HOMMATLYÝEWA,
Ýolöten etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy.