Çagalar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

13 Iýul 2024
307

Arkadag şäheri, 12-nji iýul (TDH). Şu gün Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara edermen gallaçylaryň gazanan ajaýyp zähmet ýeňşi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan durmuş ugurly syýasaty rowaçlyklara beslenýär. Dabaranyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Olar sazlaşykly ösüşi we sagdyn bolmaklary ugrunda yzygiderli alada edilýändigi üçin lukman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.