Daýhan yhlasly — toprak bereketli

12 Iýul 2024
232

8-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň we ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Hususan-da, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleri döwlet Baştutanymyzyň oba zähmetkeşleri üçin döredýän amatly şertlerinden ruhlanan ýurdumyzyň günbatar hem-de demirgazyk sebitleriniň daýhanlarynyň Watan harmanyna bugdaýyň bereketli hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habarlary aýtdylar, Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsi üçin sebitleriň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdiler. Hormatly Prezidentimiz Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň edermen gallaçylaryny bu gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, welaýatlaryň ähli zähmetkeşlerine täze üstünlikleri arzuw etdi, şeýle-de welaýatlaryň ekerançylarynyň beýleki oba hojalyk ekinlerinden hem bol hasyl alyp, gowy netijeleri görkezjekdiklerine berk ynam bildirdi.

«Nesil».