Futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatynyň finaly 14-nji iýulda, ýagny ýekşenbe güni ýarygijede (00:00) başlanar. Berlindäki 71 müň orunlyk (çempionat üçin) «Olympiastadion»-da oýnaljak finalda Ispaniýa bilen Angliýanyň ýygyndylary duşuşarlar. Duşuşykda fransiýaly emin Fransua Leteksie jürlewük çalar. Ispaniýanyň ýygyndysy 5-nji, Angliýanyň ýygyndysy 2-nji gezek finalda çykyş eder. Ispaniýanyň ýygyndysynyň 3 çempionlygy bolup, Angliýanyň ýygyndysyna entek yklym ýaryşynyň ýeňşi miýesser etmedi. Ispaniýa 1964-nji, 2008-nji we 2012-nji ýyllarda çempionlyk gazanyp, 1984-nji ýylda-da finalda ýeňlipdi. Bassyr 2-nji gezek finala çykan Angliýanyň ýygyndysy mundan 3 ýyl öň Londonda oýnalan finalda Italiýadan asgyn gelipdi.
Ispaniýa bilen Angliýanyň ýygyndysy şu finala çenli özara 27 duşuşyk geçirdi. Şolarda Ispaniýa 10 gezek ýeňiş gazanan bolsa, Angliýa 13 duşuşykda garşydaşyndan üstün çykmagy başardy. 4 duşuşyk bolsa deňlikde tamamlandy. Ispanlaryň 32 goluna iňlisler 45 gol bilen jogap berdiler.