Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ösüş maksatnamalary, senagat özgertmeleri, işewürlik üçin döredilýän oňyn şertler daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bolan Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy bilen bu babatda toplanan tejribeler geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň başyny başlamaga amatly şertleri döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada hem-de «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wan bilen geçiren duşuşyklarynda-da hut şu meselelere aýratyn üns çekildi.
«Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini belledi we özara işewürlik gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykyp, dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini nygtady. «Kawasaki» kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi. Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Mary welaýatyndaky karbamid zawodyny we Keletedäki sement zawodyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Gurlan desgalary doly güýjünde işletmek bilen bir hatarda, Türkmenistanyň tebigy gazy çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça meýilnamalaryny göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.