Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň be­lent mak­sat­la­ry­na yg­rar­ly­lyk

11 Iýul 2024
239

6-njy iýulda paýtagtymyzdaky «Arkadag» myhmanhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Milli Liderimiz halkara guramalar we BMG-niň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, Türkmenistanyň dünýäde özara düşünişmegi, ynanyşmagy berkarar etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin jenap Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

We­ki­li­ýet­le­riň gat­naş­ma­gyn­da gi­ňel­di­len dü­züm­de ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da Gahryman Arkadagymyz be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny ýur­du­my­zyň dos­ty, hä­zir­ki za­man äh­lu­mu­my Gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de pi­kir­de­şi ha­sap­la­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Hä­zir­ki ýö­ne­keý bol­ma­dyk şert­ler­de An­to­niu Gut­te­ri­şiň Baş sek­re­ta­ryň jo­gap­kär­li we­zi­pe­sin­de özü­ni Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň be­ýik tag­lym­la­ry­na we gym­mat­lyk­la­ry­na gul­luk et­mä­ge ba­gyş­lan yn­san, öz işi­niň us­sa­dy hök­mün­de gör­kez­ýän­di­gi nyg­tal­dy.