Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine gelip, Türkmenistanda dürli maksatly binalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýan «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen gürrüňdeş boldy. Ol häzirki döwürde ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylan gurluşyk taslamalarynyň ýerine ýetirilişi we binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli çyzgylar barada hasabat berdi. Lukman Arkadagymyz taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Binalaryň gurluşygynda milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekip, durmuş maksatly binalaryň ýokary hil derejesinde gurulmagynyň, desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň, saglygy goraýyş edaralarynyň häzirki zaman görkezijilerine laýyk ýagdaýda enjamlaşdyrylmagynyň şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm talaby bolup durýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz kompaniýanyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.