7-nji iýulda ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi.
Saýlawlara gözegçilik eden synçylaryň pikirine görä, bu çäre hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňyn syýasatyny amala aşyrmagyň, türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslaryny berkitmegiň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädim boldy. Ol türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň we halkymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine döwlet işlerine işjeň gatnaşýandygyny aýdyň görkezdi. Milli parlamentde öz saýlawçylaryna wekilçilik etmek hukugyna watandaşlarymyzyň arasynda uly hormatdan we abraýdan peýdalanýan raýatlar dalaşgärlik etdiler. Dalaşgärleriň hatarynda döwlet edaralarynyň wekilleri, dürli pudaklaryň hünärmenleri, ykdysadyýet, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary bar. Mejlisiň deputatynyň bir ornuna syýasy partiýalardan, raýatlar toparlaryndan birnäçe dalaşgär bellige alyndy. Şeýlelikde, bu günki saýlawlar, ozalkylar ýaly, giň bäsdeşlik esasynda, demokratik, aýanlyk ýörelgelerinde geçdi.