Daýhanyň daýhan gyzy

11 Iýul 2024
388

(Zarisowka)

Öz döwründe päk zähmeti bilen adygan Meret brigadiri diňe bir «Gökdepe» daýhan birleşiginde däl, Baýramaly etrabynda-da tanamaýan az-az eken. Daýhan birleşikde oba hojalygy bilen bagly geçirilýän ýygnaklarda haýsy-da bolsa bir mesele ýüze çyksa, häli-häzirlerem: «Häk, Meret brigadir bolanlygynda, «çöp döwen ýaly» ederdi» diýilýändigi hem ýöne ýerden däl. Gahrymanymyz Nurgözel gelneje-de şol atly brigadir Meret Ataýewiň gyzy. Ömrüni daýhançylyga bagyş edip, daýhan birleşikde 30 ýyldan gowrak brigadir bolup işlän Meret aga öz kesbi-kärini gyzyna-da kemsiz öwredipdir.

Keýik UMAROWA,
«Zenan kalby».