Ynsanperwerligiň gözbaşy

11 Iýul 2024
251

Döwlet Baştutanymyzyň 2023-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak babatdaky başlangyjy umumadamzat bähbitliligi babatdaky ähmiýetini barha artdyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýurdumyza sapary mahalyndaky taryhy wakalar onuň nobatdaky beýany boldy.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyz BMG bilen dürli ugurlar boýunça, şol sanda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika, ulag, ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa meselelerini çözmek ýaly möhüm ulgamlarda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Ata Watanymyzyň ähli ugurlar bilen birlikde, ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki başlangyçlarynyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmekde, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmekde ähmiýeti aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Şu ýylyň 6-njy iýulynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen bolan duşuşygynda ýurdumyz tarapyndan ulag ulgamy boýunça öňe sürlen, halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolan başlangyçlarynyň we teklipleriň aýratyn ähmiýetiniň bardygy barada nygtamagy diýseň buýsançlydyr.

Akgözel BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.