Sport — beden we ruhy kämilligiň sazlaşygy

9 Iýul 2024
203

Golaýda «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, şeýle-de ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda «Sport — beden we ruhy kämilligiň sazlaşygy» atly şygar astynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Gyzykly geçen bu bäsleşiklerde küşt boýunça 1-nji ýere Sähra Berdiýewa, 2-nji ýere Aknur Ýagmyrowa, 3-nji ýere Gülnur Abdullaýewa, şaşka boýunça 1-nji ýere Irada Zakirowa, 2-nji ýere Anna Iwanowa, 3-nji ýere Aýzada Illiýewa dagy mynasyp boldular. «Ruhubelent» hem-de «Zehin» toparlarynyň arasynda geçirilen tanap çekmek ýaryşynda «Ruhubelent» topary ýeňiş gazandy. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de oňa gatnaşyjylara TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

Ýazjemal BAZAROWA,
TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.