Hoşallyk duýgusyny döretdi

9 Iýul 2024
290

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 5-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda 2025-nji ýylyň 22—27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi her birimizde egsilmez şatlyk we hoşallyk duýgusyny döretdi. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny yzygiderli ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň nobatdaky dabaralanmasydyr.

Medeniýet hepdeliginiň 2013-nji ýyldan bäri yzygiderli guralyp gelinmegi diýseň begendirýär. Bu medeni çäre umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrmaga ajaýyp mümkinçilik açmak bilen, güneşli Diýarymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň toý dabaralaryna baý many-mazmun çaýýar.

Ogulsabyr ALOWOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.