Galla — bereket çeşmesi

9 Iýul 2024
291

Hormatly Prezidentimiziň gallaçylarymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak barada aýdanlaryny ugur edinýän Ahal welaýatynyň oba zähmetkeşleri jogapkärli orak möwsümini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Şanly ýylymyzyň bol-bereketli hasylyny gysga wagtda ýygnap almakda Gökdepe etrabynyň gallaçy daýhanlarynyň çeken yhlasly zähmetiniň ýerine düşendigini aýratyn bellemek gerek. Etrabyň ussat gallaçylary Watan harmanyna 20 müň 100 tonnadan gowrak guşgursak ak bugdaý tabşyryp, ilkinjileriň hatarynda tabşyrygy berjaý etmegi başardylar.

Gökdepeli gallaçylaryň yzysüre Babadaýhan etrabynyň gallaçylary hem arzyly sepgide ýetdiler. Etrabyň zähmetsöýer daýhanlary 30 müň gektar meýdandan gallanyň 62 müň tonnadan gowragyny ýygnap harmana goşdular hem-de şertnamalaýyn borçnamany artygy bilen berjaý etdiler. Häzirki günlerde ýygnalan bugdaý hasyly kabul ediş nokatlaryndan ammarlardyr elewatorlara bökdençsiz daşalýar. Şonuň bilen birlikde, hasyly ýygnalan meýdanlarda sürüm işleri geçirilip, ýerleri geljekki ýylyň hasyly üçin ekişe taýýarlamaga jogapkärli çemeleşilýär.