Sagdynlygyň sakasy

9 Iýul 2024
265

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygy we bagtyýarlygy hakda uly aladalar edilýär. Bu gün «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýörelgesinden ugur alnyp durmuşa geçirilýän işler netijesinde saglygy goraýyş ulgamynda guwandyryjy sepgitlere ýetilip, ynsan saglygyny goramak, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak babatdaky tagallalar rowaçlanýar.

Eziz Diýarymyzyň çäginde häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri, şypahanalar, sport toplumlary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri we beýleki desgalar gurulýar hem-de ildeşlerimiziň hyzmatyna berilýär. Halkymyzyň saglygy ugrunda alnyp barylýan işlerde şypahana hyzmatynyň ähmiýetiniň uludygyny aýratyn bellemek gerek. Çünki şypahanalar halkyň saglygyny dikeltmekde saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm pudaklary bolup hyzmat etmek bilen, olaryň bejerijilik, saglygy dikeldiş we keselleriň öňüni alyş ähmiýeti uludyr. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde «Berzeňňi», Ahal welaýatynyň çäginde «Arçman», «Ýyly suw», «Bagabat» şypahanalary, Balkan welaýatynda «Mollagara», «Awaza», Daşoguz welaýatynda «Daşoguz», Lebap welaýatynda «Farap», Mary welaýatynda «Baýramaly» şypahanalary hereket edip, ynsan saglygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýärler.

Altyn AGAÝEWA,
Ak bugdaý etrap hassahanasynyň Ýaşlyk şäherçe saglyk merkeziniň maşgala lukmany.