Çigildem

9 Iýul 2024
198

Çigildem gülleriň içinde iň sada görnüşe eýe bolsa-da, gözelligi bilen haýrana goýýar. Sowgatlyk üçin niýetlenen gülleriň arasynda bägül bilen deň derejede arzylanýan çigildem dürli ýurtlarda söýginiň, hormat-sarpanyň, sazlaşygyň, mähribanlygyň, maşgala agzybirliginiň nyşany hasaplanýar. Şol sebäpden hem gülçülikde çigildem ýetişdirmek ýörgünlidir. Gülçüleriň ondan taýýarlaýan sowgatlyk çemeni bolsa örän geçginliligi bilen tapawutlanýar. Köp ýurtlarda çigildemi durmuş toýunyň tutulanynyň 11 ýyllygyna sowgat bermek ýörgünlidir.

Gülüň esasy aýratynlyklarynyň biri-de onuň daş-töweregini gurşap alýan tebigy şertlere hem-de ýaşyna görä, öwüşginini üýtgedýändigidir. Şeýle-de ol ýolnansoň hem solman, gaýtam, suwda goýlan halatynda ösmäge, gözel durkuny birnäçe günläp saklamaga ukyplydyr. Çigildem howanyň durumyna çydamly bolandygy sebäpli, ony şäherdir obalaryň ýol ýakalaryny, seýilgähleri bezemek üçin köpçülikleýin ekýärler. Çigildemiň güli gündiz açylyp, Gün batansoň ýapylýar. Çigildem geliotrop häsiýetlidir, ýagny onuň güli Güne tarap öwrülip açylýar. Esasan-da, köpleri haýrana goýýan çigildemiň «Pol Şerer» görnüşidir. Ol niderland gülçüleriniň alyp baran seçgi işleri netijesinde döredilen goýy benewşe — gara öwüşginli çigildem gülüdir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Selbi SERDAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.