Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň serhet, gümrük, migrasiýa we ulag wekilleriniň duşuşygy geçirildi

9 Iýul 2024
200

Ýakynda Türkmen-eýran serhediniň eýran bölegindäki «Lotfabad»  gümrük nokadynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň 2-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga, iki döwletiň gümrük, serhet we migrasiýa gulluklarynyň, Ilçihanalarynyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň wekilleri gatnaşdy.

Ir bilen wekiliýetleriň serhet derwezesinde duşuşmagyndan soň «Lotfabad» gümrük nokadynyň edara binasynyň öňünde, dikuçar heläkçiliginiň netijesinde aradan çykan Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisini we Eýranyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany hatyralamak çäresi geçirildi. Bu ýerde, wepat bolanlara ýadygärligiň açylyşy bolup geçdi.