Türkmenistan — BMG: köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda bilelikdäki tagallalar

9 Iýul 2024
263

Ýer ýüzüniň milliardlarça ilatynyň röwşen geljegini üpjün etmek maksady bilen döredilen Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda bu abraýly düzüme agzalyga saýlanan wagtyndan bäri geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz özüni üstüne alan jogapkärçiligine dogry düşünýän, ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezmegi başardy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň 5 — 7-nji iýulda Türkmenistana amala aşyran sapary we onuň çäginde geçirilen ýokary derejeli gepleşikler bolsa milli hem umumy bähbitleri nazarlaýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Bu taryhy saparyň we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ähmiýeti barada tejribeli diplomatlardyr alymlar, ine, şeýle diýýärler:

Miroslaw ÝENÇA,
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi:

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».