Magtymgulynyň mirasy we gazak medeniýeti

9 Iýul 2024
310

REDAKSIÝADAN: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz, Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şan-şöhraty barha dünýä dolýar. Şahyryň goşgulary onlarça dile terjime edilip, onuň dürdäne şygryýetiniň janköýerleriniň sany artýar.

Merkezi Aziýanyň ähli halklary üçin ruhy taýdan golaý bolan Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenmekde beýleki dost-dogan halklar bilen birlikde, goňşy Gazagystanda hem uly işler durmuşa geçirildi. Gazak halky Magtymgulynyň goşgularyny söýüp okaýar, gazagystanly ozan-bagşylar olary milli dombra saz gurallarynda heňe goşup, ýerine ýetirýärler. Gazagystanly edebiýatçy alymlar akyldar Pyragynyň şygyrlaryny öwrenmekde uly işleri dowam etdirýärler.