Söz dabara gatnaşyjylardan:

8 Iýul 2024
290

Saragt BABAÝEW,
Türkmenistanyň halk suratkeşi:

— Ynam diýleni uly zat. Heýkeli ýasamagyň ynanylmagy öňümizde uly jogapkärçilik goýdy. Üstünlige ýetmek ýa-da netije gazanmak üçin diňe ynamyň özi ýeterlik däl. Ynam yhlas bilen birigende netije gazanylýar. Diňe şol ýagdaýda bildirilen ynamy ödemek mümkin. Magtymguly atamyzyň heýkeli barada gürrüň açylanda, onuň ýadygärliginiň Astana şäherinde hem oturdylmagy halklaryň ebedi dostlugynyň nyşany boldy.