Gyzykly geçen bäsleşikler

8 Iýul 2024
274

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşi tarapyndan Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny has-da gyzykly, täsirli geçirmeklerini gazanmak, şeýle hem olaryň sporta bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen sportuň küşt we şaşka görnüşleri boýunça bäsleşikler guraldy.

Geçirilen bäsleşiklere çagalar uly höwes bilen gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olarda ýeňiji bolan çagalara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Aýgül Işanmämmedowa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.