«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024
Ozal habar berlişi ýaly, üstümizdäki ýylyň 25 — 30-njy iýun aralygynda dostlukly Hytaý Halk Respublikasynyň Makao şäherinde sportuň sambo we söweş sambosy boýunça Aziýa çempionaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri hem gatnaşyp, medallaryň 21-sine: 2 altyn, 5 kümüş, 14 bürünç medala eýe boldular.