3 yklymda geçjek DÇ-2030-yň finaly Madridde oýnalar

7 Iýul 2024
148

6 ýurtda geçjek futbol boýunça 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň finaly geçiriljek stadion belli boldy. DÇ-2030-yň aýgytlaýjy oýny Ispaniýanyň Madrid şäherindäki «Santýago Bernabeu» stadionynda oýnalar. Madridiň «Real» toparyna degişli stadion final oýny üçin durky abatlanandan soňra 85 müň janköýeri sygdyryp biler.

Ýeri gelende bellesek, 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň oýunlary Ispaniýa, Portugaliýa, Marokko, Urugwaý, Argentina hem-de Paragwaý döwletlerinde bolup geçer. Şeýlelikde, bu ýaryş birbada 3 yklymda geçirilen ilkinji dünýä çempionaty hökmünde taryha girer.