Eýran çig nebitiň we gaz kondensatynyň eksportyny 2018-nji ýyldan bärdäki iň ýokary derejä ýetirdi. Bu barada dünýäniň energetika bazaryny seljerýän «Wortexa» portaly mälim etdi.
Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Eýran her gün ortaça 1,56 million barrel nebit eksport etdi. Netijede, Eýran OPEK-de iň köp nebit eksport edýän döwletleriň arasynda dördünji orny eýeledi.