Çekeleşikli duşuşyklar

6 Iýul 2024
196

Sport we köpçülikleýin bedenterbiýe, sagdyn durmuş ýörelgeleri häzirki döwürde tutuş jemgyýetimizi gurşap alyp, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda giň gerime eýe bolýar. Şoňa laýyklykda, eziz Diýarymyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak hem-de olaryň iri sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şunda sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlaryň ähmiýeti hem bellenilmäge mynasypdyr.

Golaýda Arkadag şäheriniň döredilmeginiň bir ýyllygy mynasybetli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sport toplumynda «Arkadag şäheri — sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäheri» ady bilen woleýbol ýaryşy geçirildi. Oňa bu uniwersitetiň «Nebitçi», Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň «Migrasiýa», Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Gala», Goranmak ministrliginiň «Milli goşun», Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Galkynyş», Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň «Ýüpek ýoly» hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty» toparlary gatnaşdy. Ýaryşyň ýarym finalynda «Nebitçi» bilen «Maliýeçi» toparlary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri ýeňiş gazandy. Ikinji ýarym finalda «Migrasiýa» we «Gala» toparlary oýnap, duşuşyk «Migrasiýanyň» ýeňşi bilen tamamlandy.

(Ýörite habarçymyz).